Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwaly geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ussat medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň sarpasy belentde tutulýar. Meşhur türkmen kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Mukama siňen ömür” atly festiwalyň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu barada 20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.