Dünýäniň iň beýik agaç binasy Stokgolmyň demirgazyk-günbatarynda Çista etrabynda gurlar. Ol beýikligi 140 metr bolan 40 gatly bina bolup, iki müň iş üçin ofis edaralaryndan ybarat bolar. Onuň üçeginde restoran, eýwan we birinji gatda kafe bolar.
Gurluşyk meýdançasy tötänleýin saýlanmady. Häzirki wagtda Çista Şwesiýada ähli babatda ösdürilmäge mynasyp ýer hasaplanýar. Şwesiýa tokaýlarynyň agaçlary ulanyljak ultra-döwrebap binanyň gurluşygy Norwegiýanyň “Stockholm Wood Tower” we we “AB Invest A/S” kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy. Gurluşyk 2026-njy ýylda başlap, 2028-nji ýylda ulanmaga berler.
Stokgolmyň şäher häkimliginiň habar bermegine görä, Çistanyň şäher gurluşygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri bar. Bu ýerde 4 müň töweregi ýaşaýyş jaýy, myhmanhanalar, söwda we sport desgalary, edara jaýlary we çagalar baglary gurulmagy meýilleşdirilýär.