Mü­sür 2024-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan baş­lap, Su­es ka­na­ly bo­ýun­ça äh­li gä­mi gat­naw­la­ry üçin nyrh­la­ry 15% art­dy­rar. Ka­na­ly do­lan­dy­ry­jy Usa­ma Ra­bia mu­nuň 2023-nji ýyl­da ne­bit gu­ýu­jy tan­ker­le­riň bun­ker­len­me­gi­niň nyr­hy­nyň 88%, su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz da­şaý­jy tan­ker­ler üçin 11% ar­tan­dy­gy bi­len dü­şün­dir­di.
Hä­zir­ki wagt­da de­ňiz ýük gat­naw­la­ry­nyň 12%-i Su­es ka­na­ly­na de­giş­li­dir. On­dan ne­bi­tiň köp möç­be­ri we su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň da­şa­ma­la­ry­nyň dün­ýä eks­por­tu­nyň 8%-i ama­la aşy­ryl­ýar. Su­es ka­na­ly her ýyl Mü­sü­re 7 mil­liard dol­lar gir­de­ji ge­tir­ýär. Em­ma onuň ula­ny­şyn­da we­lin, kyn­çy­lyk­lar ýok däl. Se­bä­bi suw ýo­ly hä­zir­ki za­man gä­mi­le­ri üçin örän dar bo­lup, bu kä­bir ýer­ler­de he­läk­çi­lik­le­re ge­tir­ýär. My­sal üçin, 2021-nji ýy­lyň mar­tyn­da “Ewer Gi­wen” kon­teý­ner da­şaý­jy­sy su­wuň saý ýe­rin­de çö­küp, bir­nä­çe gün­läp gä­mi gat­na­wy­ny bök­däp­di.
Su­es ka­na­ly 1869-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da gä­mi gat­na­wy üçin açyl­dy. Onuň işe gi­ri­zil­me­gi, ozal tu­tuş Af­ri­ka yk­ly­my­nyň da­şyn­dan aý­lan­ma­ga mej­bur bo­lan söw­da we har­by gä­mi­ler üçin Azi­ýa­dan Ýew­ro­pa de­ňiz ýo­lu­ny azyn­dan, 8 müň ki­lo­metr gys­galt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Hä­zir­ki wagt­da bu ka­na­lyň uzyn­ly­gy 160 ki­lo­metr, çuň­lu­gy hem 20 metr­den gow­rak bo­lup, dün­ýä­niň iň uly gä­mi­le­ri­ne, şol san­da, iň uly ne­bit tan­ker­le­ri­ne-de geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.