1884-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Waşingtonda Halkara Meridian konferensiýasy geçirilýär. Bu konferensiýanyň maksady, umumy uzynlykdaky noluň hem-de bütin dünýäde wagt saklaýyş standartynyň ýerlikli ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmakdy. XIX asyryň ahyryna çenli dünýä derejesinde wagtyň bir nusga getirilmegi bolmandy. Her bir ýurduň, hatda bir sebitiň (ýurduň ululygyna baglylykda) öz ýerli wagty bolup, onuň hiç bir wagt bilen baglanyşygy ýokdy. Dünýä wagtyny bir nusga getirmek pikiri öňden bäri ýüze çykypdy, sebäbi ýeke-täk wagt ölçeg standartlarynyň ýoklugy iş ýüzünde, esasan, halkara söwda we ulag pudagynda (esasan deňizçilikde) köp kynçylyklary döredýärdi. Maslahatda wagtyň başlangyjy hökmünde bäş meridian teklip edilip, olaryň arasynda Londonyň golaýynda Grinwiç nokady has makul görülýär. Şondan öň hem köp wagtdan bäri bu meridian deňizçilik kartasynda ulanylýardy.