Komp­ýu­ter otur­gyç­la­ry­ny we stol­la­ry­ny ön­dür­ýän “Cou­gar” kom­pa­ni­ýa­sy Com­pu­tex 2023” ser­gi­sin­de “NxSys Aero” at­ly otur­gy­jy­ny hö­dür­le­di. Otur­gy­jyň ar­ka­ly­gy­na RGB için­den ýag­ty­lan­dyr­ýan 200-RGB ýel­pe­waç otur­dyl­dy.
Ýel­pe­waç otur­gy­jyň ar­ka­ly­gy­nyň or­ta­syn­da ýer­le­şip, ho­wa­nyň di­ňe bir oýun­çy­nyň ar­ka­sy­ny däl, eý­sem tu­tuş be­de­ni­ni hem so­wat­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýel­pe­waç be­zeg gör­nü­şin­dä­ki yşyk bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr.
Otur­gyç­da be­ýik­li­gi­ni saz­lap bol­ýan mag­nit­li ýas­syk­lyk bar. Otur­gy­jyň ar­ka­ly­gy­na ar­ka­ňy­zyň aşa­ky bö­le­gi­ni sak­la­mak üçin ýas­syk otur­dy­lan. Otur­gy­jyň özü­niň ho­wa ge­çir­ýän de­ri­den edi­len we ol be­de­niň ag­ra­my­ny dog­ry paý­la­ma­ga amat­ly sus­guç şe­ki­lin­de ýa­sa­lyp­dyr.
Kom­pa­ni­ýa “NxSys Aero”-dan baş­ga-da, “Hot­rod” otur­gy­jy­ny hö­dür­le­di. Onuň aý­ra­tyn­ly­gy, ar­ka­sy dür­li ga­ty­lyk dol­dur­gyç­la­ry ula­nyl­ýan bir­nä­çe zo­la­ga bö­lün­ýär.