Formula 1 boýunça möwsümiň 18-nji tapgyry – Amerika “Gran Prisinde” hem çempionlygyny öň yglan eden Maks Werstappen ýeňiş gazandy. “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Tehasyň Ostin şäherindäki “Circuit of the Americas” trassasynda geçirilen ýaryşa 6-njy hatardan başlap, Werstappen 56 aýlawy 1 sagat 35 minut 21,362 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 15-nji karýerasyndaky 50-nji ýeňşi boldy. Werstappen Amerika “Gran Prisindäki” sprint ýaryşynda-da ýeňiş gazandy.

“McLaren” toparynyň britan sürüjisi Lando Norrisiň 2-nji, Ferrariden ispaniýaly pilot Karlos Saýns Junior 3-nji ýeri eýeledi. Aslynda ýaryşda 2-nji ýere “Mercedes” toparynyň Lýuwis Hamilton mynasyp boldy. Ýöne ýaryşa ilkinji hatardan başlan “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler ikisi goýberen tehniki ýalňyşlyklary sebäpli bäsleşikden çykaryldy. Lekler ýaryşy 6-njy orunda tamamlapdy.

18-nji ýaryşdan soň bassyr 3-nji çempionlygyny öň yglan eden Werstappen utugyny 466-a ýetirdi. 2-nji ýerdäki topardaşy Serhio Peresiň 240, 3-nji basgançakdaky Hamiltonyň 201 utugy bar.

Möwsümiň indiki bäsleşigi 29-njy oktýabrda Meksikanyň paýtagtynda geçiriler.