Argentina 19-njy noýabrda Prezident saýlawynyň ikinji tapgyry geçiriler. Ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine görä, Argentinanyň öňki howpsuzlyk ministri Patrisiýa Bullriç 23,83% ses alyp, bäsleşikden çykdy. “Watan hatyrasyna bileleşigiň” wekili, ykdysadyýet ministri Serhio Massa we “Erkinlik” bileleşiginiň agzasy deputat Hawýer Mileý degişlilikde 36,64% we 30,01% ses alyp, ikinji tapgyra çykdylar. Muny saýlaw býulletenleriniň 90%-i sanalandan soň, Milli saýlaw palatasynyň maglumatlary muny subut edýär. Ikinji tapgyr 19-njy noýabrda geçiriler.
Şol bir wagtyň özünde Argentinada parlament saýlawlary geçirildi. Syýasy çäräniň netijesinde Argentinadaky dolandyryjy koalisiýa bolan “Watanyň hatyrasyna bileleşik” parlamentiň iki palatasynda-da aglaba köplügi saklaýandygyny habar berdi.
Massa häzirki hökümetiň alyp barýan syýasatlarynyň esasy ýörelgelerine eýermekçi. Ol daşary ýurt walýutasynyň ýurda akymyny ýokarlandyrmak üçin täze iş orunlaryny döretmegi, senagaty we nebit-gaz pudagyny ösdürmegi wada berýär.
Argentina dünýäniň iri 10 ýurdunyň hataryna girip Günorta Amerika yklymynyň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Günbatarda Çili, demirgazykda Boliwaiýa we Paragwaý, demirgazyk-gündogarda bolsa, Braziliýa we Urugwaý bilen araçäkleşýär. Ýurtda 46 milliondan gowrak ilat ýaşaýar.