16-njy oktýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde öz işine başlan Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 25-nji Baş Assambleýasynyň çäklerinde dünýäniň iň gowy syýahatçylyk obalary saýlandy. Halkara gurama her ýylda landşaftlary, medeni dürlüligi, ýerli gymmatlyklary we aşpezlik däplerini gorap saklamakda öňdebaryjy obalary ykrar edýär.
Bu baýragy almaga dünýäniň dürli ýurtlaryndan 260 töweregi oba hödürlenipdir. Olaryň arasyndan 54-si saýlanypdy. Ýene 20 oba täzeleniş maksatnamasyna (Upgrade Programme) goşuldy. Şeýlelikde bu 74 obanyň hemmesi häzirki wagtda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň iň gowy syýahatçylyk obalary torunyň bir bölegidir.
Dabarada çykyş eden Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili Syýahatçylygyň bu başlangyjyň syýahatçylygy ösdüren obalary ösüş we abadançylyk üçin katalizator hökmünde ykrar edýändigini belledi.
Dünýäniň iň owadan obalarynyň arasynda Iordaniýa, Çili, Ýaponiýa, Ispaniýa, Peru, Müsür, Hindistan, Koreýa Respublikasy, Liwan, Portugaliýa, Kolumbiýa, Meksika, Hytaý, Eýran, Argentina, Efiopiýa, Italiýa, Şweýsariýa, Andorra, Ekwador, Gazagystan, Indoneziýa, Eýran, Türkiýe, Wengriýa, Awstriýa we Moldowa ýaly ýurtlardan obalar bar.