ABŞ-nyň “Chevron” kom­pa­ni­ýa­sy ne­bit we gaz göz­le­mek hem ön­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýan “Hess” şe­re­ke­ti­ni sa­tyn al­mak üçin yla­la­şyk ga­za­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şert­na­ma­nyň ba­ha­sy­nyň 53 mil­liard dol­lar­dy­gy mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň köp­çü­li­ge ýaý­ra­dan mag­lu­ma­tyn­da “Chevron” ag­zal­ýan yla­la­şy­gyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len iş ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­rar hem-de nagt pul aky­my­ny hä­zir­ki bäş­ýyl­lyk mak­sat­na­ma­dan has çalt art­dy­rar.
Şert­na­ma­nyň ýu­ri­dik taý­dan ta­mam­lan­ma­gy bi­len “Hess” şe­re­ke­ti­niň ýol­baş­çy­sy Jon Hess “Chevron” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy bo­lar.
Şert­na­ma­nyň 2024-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bi­ler­men­le­ri bu yla­la­şy­gyň ABŞ-nyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri pu­da­gyn­da­ky soň­ky ýyl­la­ryň ikin­ji uly yla­la­şy­gy ha­sap­lan­ýar.
ABŞ-nyň “Exxon Mo­bil” kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň 11-nji okt­ýab­ryn­da mer­ke­zi eda­ra­sy Te­has­da ýer­leş­ýän “Pio­ne­er Na­tu­ral Re­so­urces” ne­bit-gaz kom­pa­ni­ýa­sy­ny 59,5 mil­liard dol­la­ra sa­tyn al­mak üçin yla­la­şyk ga­za­nyp­dy.

Ser­dar Şöh­ra­dow, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.