2024-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­gol­myň mer­ke­zin­de ben­zin we di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ryň gir­me­gi ga­da­gan bo­lan eko­lo­gik zo­lak peý­da bo­lar. Tä­ze zo­lak 20 et­rap­dan yba­rat bo­lup, tak­my­nan, 180 müň ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­lär. 2025-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my­nyň do­wa­myn­da zo­lak has-da gi­ňel­di­ler.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş, howp­suz­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik hyz­mat­la­ry ulag­la­ry bu ga­da­gan­lyk­dan bo­şa­dyl­ýar. Sy­ýa­sat­çy Den­nis We­din eko­lo­gi­ýa zo­la­gy­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­ra­da du­rup ge­çip, bu me­ýil­leş­di­ril­ýän se­bi­tiň hem­me­le­re el­ýe­ter­li bol­ma­jak­dy­gy­na gy­nan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Ki­çi te­le­ke­çi­ler tä­ze düz­gün­le­riň gi­ri­zil­me­gi ba­ra­da ala­da ed­ýär­ler, se­bä­bi bu ýag­daý ola­ryň üp­jün­çi­li­gi­ni kyn­laş­dy­rar. Em­ma aras­sa gur­şa­wyň äh­mi­ýe­ti­ne sal­gy­la­nyp, hö­kü­me­tiň tä­ze ka­ra­ry­ny gol­da­ýan­lar hem bar.
Il­ki­baş­da Kö­ne şä­her­de şeý­le zo­la­gy dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­di, bu bol­sa ýi­ti tan­kyt­la­ra se­bäp bol­dy. Ne­ti­je­de, Kö­ne şä­he­ri “şä­her gur­şa­wy zo­la­gy” di­ýip at­lan­dyr­mak ka­ra­ry­na ge­lin­di.