UEFA Çempionlar Ligasynda “A” toparçada “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Kopengageni” Harri Maguaýryň 72-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňdi. Oýnuň ahyrynda “Kopengagen” toparyna hasaby deňlemäge uly mümkinçilik boldy. Maktomineýiň gödek hereketinden soň penalti bellenildi. 90+7-nji minutda ýerine ýetirilen bu urgyny Ýordan Larsson dürs urup bilmedi. Has takygy, topara geçen gününden bäri käbir gödek ýalňyşlyklar goýberen derwezeçi Andre Onana saklamagy başardy. Şunlukda, “Mançester Ýunaýted” toparçalardaky ilkinji 3 utugyny gazandy.