Amerikan kanun çykaryjysy Maýk Jonson Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy. Jonson ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik bolan 220 sese eýe boldy.
– Luiziana ştatyndan Maýk Jonson sesleriň köplügine eýe boldy we düzgüne laýyklykda, palatanyň başlygy wezipesine saýlandy – diýip, spikeriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Patrik Makgenri aýtdy.
Respublikaçylaryň aglaba köplügi ýapyk ses berişlikde Jonsonyň Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine hödürlenmegini makullady. Bu wezipe ABŞ-nyň hökümetiniň iýerarhiýasynda üçünji möhüm wezipedir. Mundan öň wekiller palatasy üç gezek spikeri saýlap bilmedi.
Jonson şu wagta çenli känbir tanalmaýan kongresmendi. Ol ABŞ-nyň Kongresiniň aşaky palatasynyň kazyýet komitetiniň agzasydyr. Şeýle hem ol Amerikanyň öňki Prezidenti Donald Trampyň berk tarapdary hasaplanýar.
3-nji oktýabrda Wekiller palatasynyň aglaba köplügi Kewin Makkartiniň spiker wezipesinden çekilmegini goldady. ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek Wekiller palatasynyň başlygy wezipesinden çekildi. Makkarti işinden çekilenden soň, kongresmenler Jim Jordan we Stiwen Skalis onuň mirasdüşeri hasaplandy. Şeýle-de bolsa, olar içerki partiýanyň bölünişiginden üstün gelip, kanun çykaryjylaryň zerur goldawyny alyp bilmediler.
Täze spiker saýlanýança, kongresiň aşaky palatasynyň işi bökdedi.