Germaniýanyň “Mercedes” kompaniýasy gidrid görnüşli täze ulagyny tanyşdyrdy. “Mercedes-Benz GLE 53 Hybrid” atly krossoweriň göwrümi 3 litrlik içinden otlanýan hereketlendirijisi bolup, elektrik energiýasy bilen işleýän motory bilen bilelikde umumy kuwwaty 544 at güýjüne ýetýär. Ulag sagatda 100 kilometr tizlige 4,7 sekuntda ýetýär. Ulagyň benzinli hereketlendirijisiniň kuwwaty 449 at güýjüne, elektrik hereketlendirijisiniň kuwwaty 136 at güýjüne deň. Ulag elektrik energiýasy bilen işleýän motory bilen sagatda 140 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Benzinli hereketlendirijisi işledilende, ýokary tizligi sagatda 250 kilometre ýetýär. Elektrikli motorda ýedi sany işlediş düzgüni bolup, olaryň ikisi gibrid sürüşe degişli. Olaryň birinde elektronika belli bir derejede batareýanyň kuwwatynyň saklanmagyna gözegçilik edýär, ikinjisi diňe elektrik hereketi üçin niýetlenendir. Ulagyň elektrik energiýasy işledilýän wagty ulagyň tizligi artdyrylanda, batareýanyň zarýady azalan ýagdaýynda benzinli hereketlendiriji awtomat usulda işe girizilýär. Ulagyň yzky “köprüsinde” amortizatorlar stabilizatorlar oturdylypdyr. Bu stabilizatorlar ähli tigirleri we ruly sazlaýar. Ýewropada täze ulag üçin sargytlar 125,5 müň ýewro bahadan kabul edilip başlandy.
Nedir Şamyradow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.