“Barbi” (Barbie) filminde baş keşpleri janlandyran Margo Robbi bilen Raýan Gosling ýene bir filmde bilelikde surata düşerler. Bred Pitt, Jorj Kluni ýaly aktýorlaryň surata düşen “Ouşeniň 11 dosty” (Ocean’s 11) filminiň täze nusgasy ekranlaşdyrylar. Şol filmde-de Robbi bilen Gosling esasy keşpleri ýerine ýetirer. Filmiň prodýuseri Jouzi MakNamara bu barada: – Häzirlikçe bir zatlar aýtmak kyn, ýöne ozalkylar ýaly gowy film surata düşüreris. Film taýýar bolanda, oňa hemmäniň tomaşa etmegi üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýdi. Jeý Roaçyň režissýorlyk etjek filminiň ssenarisini Kerri Solomon ýazar. Filmdäki wakalar 1960-njy ýyllarda Ýewropada bolup geçýär we ozalky Ouşen kinolaryndaky hadysalardan öňki wakalara esaslanýar.

Stiwen Soderbergiň režissýorlyk eden “Ouşeniň 11 dosty” (Ocean’s 11), “Ouşeniň 12 dosty” (Ocean’s 12), “Ouşeniň 13 dosty” (Ocean’s 13)  filmleriniň hatarynda 2018-nji ýylda Keýt Blanşet, Sandra Bullok, Rihanna ýaly aktrisalaryň baş keşpde surata düşen “Ouşeniň 8 jorasy” (Ocean’s 8)  filmi hem goşulypdy.