27-nji oktýabrda Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da meş­hur kom­po­zi­tor Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň dog­lan gü­nü­niň 85 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän «Mu­ka­ma si­ňen ömür» at­ly fes­ti­wa­lyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.
Ozal hem ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň dog­lan gü­nü­niň 85 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 27-28-nji okt­ýabr­da «Mu­ka­ma si­ňen ömür» at­ly fes­ti­wal ge­çi­ril­ýär. Fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, şeý­le-de Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de bir­nä­çe da­ba­ra­lar ge­çi­ri­ler. Biz fes­ti­wa­lyň me­ýil­na­ma­sy bi­len oky­jy­la­ry­my­zy saý­ty­my­zyň üs­ti bi­len ha­bar­ly edip­dik.
Fes­ti­wa­lyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri we sun­gat us­sat­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Fes­ti­wal Da­ňa­tar Hy­dy­ro­wyň «Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan» aý­dy­my bi­len baş­lan­dy. Ony Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ho­ry we Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň sim­fo­ni­ki or­kest­ri bi­len bi­le­lik­de aý­dym­çy­la­ryň dört to­pa­ry da­ba­ra­ly ýe­ri­ne ýe­tir­di. Fes­ti­wa­lyň açy­ly­şyn­da Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň ýa­kyn ta­nyş­la­ry çy­kyş et­di­ler.
Me­ret An­na­my­ra­do­wyň Nu­ry Hal­mäm­me­do­wa ba­gyş­lan «Tok­ka­to» sa­zy Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ta­ly­by Er­jel Ýag­şy­my­ra­dow ta­ra­pyn­dan for­te­pia­no­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Olar zal­da otu­ran­lar bi­len türk­men kom­po­zi­to­ry ba­ra­da­ky ýat­la­ma­la­ry­ny paý­laş­dy­lar.
Da­ba­ra­da çy­kyş eden­ler ýa­şan gys­ga döw­rün­de dö­re­den şi­rin ýaz­la­ry bi­len di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de meş­hur bo­lan kom­po­zi­tor Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň dö­re­di­ji­lik ýo­ly ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler. Çy­kyş eden­le­riň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ata­gel­di Gar­ýag­dy­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň halk su­rat­ke­şi Sa­ragt Ba­ba­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň sun­gat­da at ga­za­nan iş­gä­ri Bil­bil Mäm­me­dow we beý­le­ki­ler bar.
Kom­po­zi­tor Nu­ry Hal­mäm­me­dow 1938-nji ýy­lyň 20-nji iýu­nyn­da Mag­tym­gu­ly et­ra­by­nyň Daý­na oba­syn­da dün­ýä in­ýär. Onuň ka­ka­sy Hal­mäm­met Baý­ly­ýew, eje­si Han­gül Mäm­me­da­ly­ýe­wa ýö­ne­keý oba adam­la­ry ha­sap­lan­ýar. Kom­po­zi­to­ryň ýa­kyn ga­ryn­daş­la­ry­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, Han­gül daý­za An­na­hal at­ly bag­şy­nyň ne­be­re­sin­den bo­lup­dyr. Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň 1977-nji ýy­lyň 30-njy sent­ýab­ryn­da öz eli bi­len ýa­zan ter­ji­me­ha­ly­na gö­rä, 1954 — 1958-nji ýyl­lar­da ol Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki saz­çy­lyk uçi­liş­şe­sin­de, 1958 — 1963-nji ýyl­lar­da bol­sa Mosk­wa­nyň P.I.Çaý­kows­kiý adyn­da­ky döw­let kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň kom­po­zi­tor­çy­lyk bö­lü­min­de oka­ýar. Ol oku­wy ta­mam­lap, Aş­ga­ba­da gaý­dyp gel­ýär we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýar.
Saz us­sa­dy gal­dy­ran ýaz­gy­la­ryn­da ki­no­kar­ti­na­la­ryň 16-sy­na saz dö­re­den­di­gi­ni ag­zap­dyr. «Türk­me­nis­tan» at­ly bäş bö­lüm­den yba­rat sim­fo­ni­ki kar­ti­na, üç bö­lüm­den dur­ýan sim­fo­ni­ýa ese­ri­ni, «Aý­gyt­ly ädim» fil­mi­niň sa­zy esa­syn­da sýu­že­te we baş­ga-da bir­nä­çe saz eser­le­ri­ni ýa­zan­dy­gy­ny nyg­tap­dyr. 14 ýy­lyň için­de 16 sa­ny uly göw­rüm­li ki­no ese­ri­ne, en­çe­me ow­nuk­ly-iri­li kar­ti­na­la­ra saz dö­ret­mek her bir yl­ham­ly adam­dan uly dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­ni ta­lap ed­ýär. Şol 16-ly­gyň için­de türk­men hal­ky­ny dün­ýä ýü­zü­ne ta­na­dan «Aý­gyt­ly ädim», «Şü­kür bag­şy», «Keç­pe­lek», «Mu­ka­myň sy­ry» ýa­ly film­le­riň en­çe­me­si bar. Bu­la­ryň üs­tü­ni «Jap­bak­lar», «Kä­riz­gen­ler», «Gor­kak ba­tyr», «Mag­tym­gu­ly», «Ata­ba­ýew» ýa­ly çe­per film­ler bi­len ýe­ti­ril­se we­lin, iň oňat, iň ýat­da ga­ly­jy film­le­riň sa­zy­ny ýa­zan us­sa­da baş ege­ni­ňi duý­man ga­lar­syň.
«Mu­ka­ma si­ňen ömür» at­ly fes­ti­wa­lyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň saz­la­ry­na, Mol­la­ne­pe­siň, Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň we beý­le­ki gör­nük­li şa­hyr­la­ryň söz­le­ri­ne dö­re­di­len aja­ýyp aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Gör­nük­li sun­gat us­sat­la­ry bi­len bir­lik­de, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­la­ry, şeý­le-de ça­ga­lar to­par­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry da­ba­ra­nyň tä­si­ri­ni has-da art­dyr­dy.
Fes­ti­wal Je­mal Re­ýi­mo­wa­nyň «Ýa­şa­syn Türk­me­nis­tan!» at­ly wa­tan­çy­lyk aý­dy­my bi­len ta­mam­lan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ata­jan Ber­di­ýew we Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Leý­li ök­dü­ro­wa Döw­let ho­ry we sim­fo­ni­ki or­kest­ri bi­len çy­kyş et­di.
Ozal hem ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň dog­lan gü­nü­niň 85 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma te­at­ryn­da «Kalp ta­ry» at­ly tä­ze oýun sah­na­laş­dy­ryl­dy. Tä­ze sah­na ese­ri­niň re­žiss­ýo­ry Türk­me­nis­ta­nyň sun­gat­da at ga­za­nan iş­gä­ri Bil­bil Mäm­me­dow­dyr.
«Kalp ta­ry» at­ly tä­ze sah­na ese­ri­niň Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň dog­lan gü­nü­niň 85 ýyl­ly­gy­na öz­bo­luş­ly sow­gat bo­lan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek.