Häzirki wagtda dünýäde arassa energiýa pudagyna aýratyn üns berilýär. ABŞ-nyň NýuYork ştatynda hem iri maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Taslama tamamlananda 2,6 million öý arassa elektrik energiýasy bilen üpjün ediler. Taslamanyň çäginde önümçilik kuwwaty 6,4 gigawatt (GW) bolan desgalar işe giriziler. Bu görkeziji ştatda sarp edilýän elektrik energiýasynyň 12 göterimini üpjün eder. Guruljak desgalaryň arasynda üç sany suwüsti ýel fermasy hem-de gury ýerde 22 sany alternatiw energiýa öndürýän kärhana bolar. Önümçilik desgalary 8 müň 300 adamy iş bilen üpjün eder. Gury ýerde guruljak desgalaryň arasynda önümçilik kuwwaty 2 müň 410 MW bolan 14 sany Gün energiýa fermasy, alty sany ýel bekediniň bolsa durky täzeler. Şeýle hem bir sany ýel bekedi gurlar. Bir sany gidroelektrik beket hem abatlanar. Taslamalar birnäçe kompaniýa tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Ýurduň iň uly ştatlarynyň biri bolan Nýu-Ýorkda arassa energiýanyň paýy artdyrylýar. Ştatda 2030-njy ýyla çenli elektrik energiýasynyň 70 göteriminiň arassa çeşmelerden alynmagy maksat edinilýär. Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar ştatyň bu maksatlaryna ýetmegine ýardam eder.
Bagtygül Rahymowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.