Güýz paslynda ýetişýän köz ýaly däneli miweleriň biri hem nardyr. Ata Watany Ýakyn Gündogar ýurtlary hasaplanýan bu miwede B witamini, askorbin turşusy, antioksidantlaryň baý çeşmesi saklanýar. Nar gadymy döwürlerden bäri saglyga peýdaly miweleriň biri hasaplanýar. Nar bedeni gurplandyryp, immuniteti güýçlendirýär. Nardaky antioksidantlar içege mikrobiomasy üçin peýdaly bolup, bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýar. Bu miwäniň gabygy içgeçmede, bagyr we böwrek ýetmezçiliklerinde peýdalanylýar. Naryň sykylan şiresi iýmit siňdiriş ulgamy üçin peýdaly bolup, aşgazan suwuklygynyň bölünip çykmagyny üpjün edýär. Bu däneli miwe gan damarlarynyň dykylmagynyň öňüni alyp, ganyň düzümindäki şekeri azaltmaga, şeýle hem gan basyşyny peseltmäge ýardam edýär. Ýürek-damar ulgamy üçin peýdaly bolan bu miwe beýniniň işini güýçlendirip, ýatkeşligi ösdürýär hem-de ünsüňi bir ýere jemlemäge kömek edýär. Turşulygy güýçli bolandygy sebäpli aşgazan-içege ulgamynda näsazlygy bolan adamlara nar iýmek maslahat berilmeýär.