Kagyzdan uçar ýa-da gämi ýasamagy hemmämiz halaýan bolsak gerek. Kagyzy eplemek arkaly has çylşyrymly şekiller ýasalýar. Origami ady bilen tanalýan we sungat derejesine ýeten bu usul XVII asyrda Ýaponiýada kämilleşip başlaýar. Origami ýaponça owadan kagyz diýmegi aňladýar. Adatça, bir bölek kagyzdan diňe eplemek arkaly has çylşyrymly şekili ýasamak maksat edinilýär. Häzirki wagtda bu kagyzlary ýelmemek, kesmek arkaly has uly we üýtgeşik zatlar hem döredilýär. Geçirilen barlaglar netijesinde, kiçi ýaşdan başlap, bu usuly öwrenmegiň beden taýdan kämilleşmäge peýdasynyň uludygy anyklandy.
Bu usuly öwrenmek, çagada ünsüňi jemlemegi öwrenmäge ýardam edýär. Sebäbi gaýtalanýan zadyň yzygiderliligini bilmek ünsli bolmagy talap edýär.
Kagyzdan dürli şekilleri ýasamagy islendik ýaşdaky adam birine hem öwredip biler.
Şeýle hem origami geometrik şekilleri öwrenmäge goşant goşýar. Sebäbi eplenen kagyzlarda dürli şekiller peýda bolýar. Üçburçluk, dörtburçluk, konus ýaly adalgalary we olaryň manylaryny hakykat ýüzünde görmäge mümkinçiligiň döremegi çagada geometriýa sapagyna gyzyklanmany artdyrýar. Origamide kagyzlary belli yzygiderlilikde we dürs eplemek hökmandyr. Bu ýagdaý çaganyň el hereketleriniň kämilleşmegine oňyn täsir edýär.