Ýewropanyň Merkezi banky sanly ýewro taslamasy üçin iki ýyllyk taýýarlyk tapgyryna geçiljekdigini mälim etdi. 1-nji noýabrda başlanjak taýýarlyk tapgyrynda infrastrukturany işläp taýýarlajak üpjün edijileriň saýlanjakdygy mälim edildi. Merkezi bankyň başlygy Kristin Lagard sanly ýewronyň tölegsiz we nagt pul bilen birlikde boljakdygyny aýdyp, pul birliginiň geljege taýýarlanmalydygyny belledi. Ýewropanyň Merkezi banky 2021-nji ýylda sanly ýewrony taýýarlap başlapdy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi sanly ýewro dolanyşyga goýberilenden soňra ýerine ýetiriljek kadalaşdyryjy kanunlary hem taýýarlaýar. Sanly ýewronyň peýda boljak wagtyny Merkezi banky kesgitlär. Sanly ýewro adaty kripto pullardan tapawutlylykda nagt ýewronyň sanly görnüşinden ybarat bolar. Ýewropanyň Merkezi banky sanly ýewronyň gymmatyna gözegçilik edip, gerek bolan halatynda nagt pul bilen çalşyp bermegi kepillendirer. Sanly ýewro bileleşige agza ýurtlarda alternatiw töleg serişdesi hökmünde adamlaryň hem-de edara-kärhanalaryň arasynda ulanylar. Bu bolsa adamlara uly ýeňillik döreder.
Amandurdy BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.