Angliýanyň Mançester uniwersitetiniň inženerleri kartona meňzeş ýeňil materialdan dünýäniň iň uly dronyny ýasadylar. Dört perli uçýan enjamyň ululygy 6,4 metre ýetýär. Aňsatlyk bilen sökülip-düzülýän fotoblok atly böleklerden ýasalan enjamda ulanylan materialyň galyňlygy bary-ýogy 5 millimetr. Bu bolsa onuň göwrümine görä örän ýeňil bolup, uçurylmagy hem aňsat bolýar. Materialyň daşky gurşaw üçin hem zyýansyzdygy, sebäbi olary aňsatlyk bilen gaýtadan ulanyp boljakdygy mälim edildi. «Giant Foamboard Quadcopter» (GFQ) atly enjam ilkinji gezek şu ýylyň iýul aýynda synagdan geçirilipdir. Agramy 24,5 kilogram bolan enjamyň has uly nusgasynyň hem ýasaljakdygy mälim edildi. Uniwersitetiň professory Bill Krouter bu dizaýn arkaly 25 kilogramlyk enjamyň aňsatlyk bilen howa göterilýändigini belledi.
Bezirgen ANNANIÝAZOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.