Dünýäniň ösen tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri ýylyň üçünji çärýeginde görnetin artdy. Bu barada kompaniýalaryň ýaýradan hasabatynda maglumat berilýär. «Facebook», «Instagram» we «WhatsApp» platformalaryna eýeçilik edýän «Meta»-nyň girdejisi degişli döwürde 34,1 milliard dollara ýetipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden (iýul-sentýabr aýlary) 23 göterim ýokary bolupdyr. 2022-nji ýylyň degişli döwründe kompaniýa 27,7 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa, 164 göterim artyp, 11,6 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda bu görkeziji 4,4 milliard dollar bolupdyr.
Elektron enjamlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan IBM-iň girdejisi 4,6 göterim artyp, 14,8 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 14,1 milliard dollar bolupdyr.
«Microsoft» hem-de «Alphabet» kompaniýalarynyň girdejileri hem görnetin artypdyr. 30-njy iýulda tamamlanan üç aýlyk döwürde «Microsoft»-yň girdejisi 13 göterim artyp, 56,5 milliard dollar bolupdyr. Geçen ýylyň üçünji çärýeginde bu görkeziji 50,1 milliard dollar bolupdyr.
«Google» brendine eýeçilik edýän «Alphabet» kompaniýasynyň girdejisi agzalýan döwürde 11 göterim artyp, 76,7 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe 69,1 milliard dollarlyk girdeji hasaba alnypdyr.
Merjen ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.