Atlantik ummanyndaky Tenerife adasy uzak wagtdan bäri dünýäniň dürli künjeklerinden gelen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerdäki tebigatyň gözelligi we ýerleşýän ýeri adany gündelik durmuşyň aladalaryndan dynmak üçin kämil gonalga öwürýär. Şeýle-de bolsa, bu adada dynç alyşda bolanlar wagt hakda ajaýyp duýgulary paýlaşýarlar. Wagt bu ýerde göýä uzaýan ýaly, degre-daşyňy gurşap alýan dünýä bolsa doňup galan ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň.
Alymlar bu hadysany öwrendiler we munuň özboluşly grawitasion güýjüniň täsiri bilen ýüze çykýandygy barada netijä geldiler. Hut şonuň üçin Tenerifede adamlar öz ömrüniň her minudyndan lezzet alyp, has asuda ýaşaýarlar. Bu ýerde wagt has haýal geçýär, munuň netijesinde ýerli ýaşaýjylar Ispaniýanyň ilatynyň ortaça ömür dowamlylygy bilen deňeşdirilende, birnäçe ýyla çenli ömrüniň dowamlylygyny “ýokarlandyrýarlar”.
Wagtyň uzalmagy hadysasynyň tapmaçasyny çözmek üçin dürli çaklamalaryň döremegine sebäp boldy. Käbir alymlar munuň adanyň wulkan taýdan işjeň zolakda ýerleşmegi bilen baglanyşykly bolup biler diýip hasaplaýarlar. Şol sebäpli sebitde wagtyň tebigy akymynyň bozulmagyna sebäp bolýan geomagnit duralgalar emele gelýär. Beýlekiler munuň daşarky güýçleriň täsiri ýa-da Ýer görnüşindäki ýoýulma sebäpli bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Şeýle-de bolsa, fiziki hadysa şübhelenýänler bar, muny diňe amatly howa, gowy ekologiýa we oňyn hoşallyk duýgusy bilen düşündirýärler. Olaryň pikiriçe, bularyň hemmesi adalylaryň durmuşyny bagtly we ömürlerine ömür goşýar.