14 — 16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan geljek teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşarlar.
Halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda geçiriler.
Halkara teatr festiwalynda Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň A.Žaýnakow adyndaky sazly drama teatry hem gatnaşar. Teatryň döredijilik topary festiwalda Magtymguly Pyragy» atly sahna oýny bilen çykyş eder. Dostlukly ýurduň teatr ussatlarynyň sahna oýnuny Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda görkezmek meýilleşdirilýär.
Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň A.Žaýnakow adyndaky sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň täze sahnalaşdyran «Magtymguly Pyragy» atly sahna eseri Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Oýunda akyldar şahyryň döredijilik ýoly açylyp görkezilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, gyrgyzystanly teatr ussatlarynyň «Magtymguly Pyragy» atly sahna eseri ilkinji gezek şu ýylyň birinji ýarymynda tomaşaçylara görkezilipdi.