Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary 1 — 4-nji noýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna gatnaşar.
Festiwala gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň arasynda festiwalyň dowam edýän günleri birnäçe duşuşyklar geçiriler. Olarda türki döwletleriň teatr sungatyny ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan işler barada pikir alşylar.
Festiwalyň dowamynda TÜRKSOÝ-a agza bolup durýan döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 9-njy mejlisi hem geçiriler. Mejlisiň Şuşa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna Türkmenistan bilen birlikde Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Türkiýeden gelen teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşar.