Mongoliýa 17-nji noýabrdan 19-njy noýabr aralygynda her ýylky “Mongol sähralarynyň atlary” festiwalyny Henti aýmagynyň Batnorow somonynda geçirer. Bu barada sebitiň häkimligi habar berdi.
Mongoliýanyň Daşky gurşaw we syýahatçylyk ministrligi, Mongoliýanyň Medeniýet ministrligi we Hentiý aýmagynyň administrasiýasy bu çäräniň guramaçylarydyr.
Resmi beýanata görä, bu festiwalyň maksady gyş syýahatçylygyny ösdürmek we Mongoliýa has köp daşary ýurtly syýahatçyny çekmekden ybarat.
Festiwalyň çäklerinde at çapyşyklar, surat sergisi we seýrek duş gelýän at tohumlaryny kesgitlemek boýunça bäsleşik geçiriler diýlip garaşylýar.
Häzirki wagtda Mongoliýanyň ykdysadyýeti, esasan, eksporta gönükdirilen magdançylyk pudagyna baglydyr. Syýahatçylygy ösdürmek, dag-magdan senagatyna bagly ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek iň amatly çözgüt hökmünde görülýär. Şuny göz öňünde tutup, Mongol hökümeti Mongoliýa gelen 34 ýurduň raýatlaryny 2025-nji ýylyň ahyryna çenli wiza talaplaryndan 30 güne çenli boşatmak kararyna geldi.
Ýurduň Milli statistika komitetiniň habaryna görä, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Mongoliýada atlaryň umumy sany 4,8 milliondan gowrakdy.