BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Bütindünýä şäherler güni bilen baglanyşykly geçirilen maslahatyň çäklerinde şäherleriň durnukly we ykdysady ösüşe ýardam bermekde we innowasiýalary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ol:
-Bütindünýä şäherler güni – bu şäherleriň durnukly ösüşde oýnaýan möhüm roluna garamagyň wagtydyr – diýip, şäherleriň diňe bir ykdysady merkezler bolman, eýsem global derwaýys meseleleri çözmekde hem öňdäki hatarda durýandygyny belledi.
A.Guterreşiň pikiriçe, şäherler howanyň üýtgemeginden başlap, sosial bölünişiklere çenli birnäçe çylşyrymly meselelere duçar bolýar.
Häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar we BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli ilatyň, takmynan, 70 göterimi şäherlerde ýaşar.
Esasy Dünýä täzelikleri BMG-niň Baş sekretary şäherleriň durnukly ösüşine ýardam bermäge çagyryş etdi