Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO-nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy hem-de ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­niň 20 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Da­şo­guz we­la­ýat Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da «Türk­me­nis­tan — umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ryň me­ka­ny» at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Des­san­çy bag­şy­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de be­lent heň­de ýaň­la­nan aý­dym-saz­lar, ede­bi-saz­ly çy­kyş­lar we şow­hun­ly tans­lar ir sä­her bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan da­ba­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy. We­la­ýa­tyň bir­le­şen tans-dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň hem-de Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky döw­let saz­ly dra­ma te­at­ry­nyň ar­tist­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren çy­kyş­la­ry baý maz­mu­na bes­le­nip, ýur­du­my­zyň tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de giň ge­ri­me eýe bol­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň şan­ly se­ne­si­ni has-da da­ba­ra­lan­dyr­dy. Çy­kyş­lar­da pe­der­le­ri­mi­ziň şöh­rat­ly ta­ry­hy, mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şin­dä­ki or­ny hem-de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň was­py aý­dyň şöh­le­len­di.
Mil­li mi­ra­sy­my­zyň gym­mat­lyk­la­ry, se­net­çi­lik, ama­ly-ha­şam hem-de çe­per el­li ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň el iş­le­ri­niň nus­ga­la­ry esa­syn­da gu­ra­lan ser­gi mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar­da aý­ra­tyn tä­sir gal­dyr­dy. Mu­ze­ýiň gi­rel­ge­sin­de me­de­ni-ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ryň, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si hem gu­ral­dy.
Soň­ra ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň sek­re­ta­ria­ty­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hem-de we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat mu­ze­ýiň mej­lis­ler za­lyn­da öz işi­ne baş­la­dy. Mas­la­ha­tyň ba­şyn­da we­la­ýat hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry Ogu­lal­tyn Çer­ke­zo­wa söz söz­läp, we­la­ýa­ty­my­zyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­rap sak­la­mak, öw­ren­mek we olar­da di­kel­diş-re­je­le­ýiş iş­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi, mil­li mi­ra­sy­my­za da­hyl­ly gym­mat­lyk­la­ry ÝU­NES­KO-nyň umu­ma­dam­zat me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan asyl­ly iş­ler ha­kyn­da tä­sir­li gür­rüň et­di. Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň jo­gap­kär sek­re­ta­ry Çy­nar Rüs­te­mo­wa özü­niň maz­mun­ly çy­ky­şyn­da hal­ky­my­zyň meş­hur şah­sy­ýet­le­ri Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň, Mah­myt Za­mah­şa­ry­nyň, Nur­mu­ham­met An­da­ly­byň, Gur­ba­na­ly Mag­ru­py­nyň, Şa­ben­dä­niň, Şeý­da­ýy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni, ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mek ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de mö­hüm iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi ha­kyn­da aý­ra­tyn bel­läp geç­di. Esa­san hem, şol hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­di­gi­ni buý­sanç bi­len nyg­ta­dy.