“Hen­ley” pas­port in­dek­si her ýyl­da dün­ýä­niň iň güýç­li pas­port­la­ry­nyň sa­na­wy­ny düz­ýär. Sa­naw taý­ýar­la­nan­da, Hal­ka­ra ho­wa gat­naw­la­ry bi­le­le­şi­gi­niň (IATA) mag­lu­ma­tyn­da peý­da­la­nyl­ýar. Ba­ha ber­len­de bir ýur­da ýa-da se­bi­te päs­gel­çi­lik­siz gi­rip bol­ýan bol­sa, bir bal be­ril­ýär. Sy­ýa­ha­ta çyk­maz­dan ozal beý­le­ki res­mi­na­ma­lar taý­ýar­lan­ma­ly bol­sa bal be­ril­me­ýär.
Sa­na­wa dün­ýä­niň 199 ýur­dy we se­bi­ti gi­ri­zi­lip­dir. Bir or­ny bir­den köp döw­let alyp bil­ýän­di­gi üçin je­mi 106 orun bar.
Sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­ny 193 bal bi­len Sin­ga­pur eýe­le­ýär. Ge­çen ýyl 193 bal bi­len bi­rin­ji bo­lan Ýa­po­ni­ýa bu ýyl 191 bal alyp ikin­ji or­na dü­şüp­dir. Üçün­ji or­ny Finl­ýan­di­ýa, Fran­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Is­pa­ni­ýa we Şwe­si­ýa paý­la­şyp­dyr. Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk, Awst­ri­ýa, Da­ni­ýa, Ir­lan­di­ýa, Lýuk­sem­burg we Ni­der­land­lar 189 bal bi­len dör­dün­ji bo­lup­dyr. Bä­şin­ji or­ny 188 bal bi­len Bel­gi­ýa, Mal­ta, Nor­we­gi­ýa we Por­tu­ga­li­ýa alyp­dyr.
Sa­na­wyň al­tyn­jy or­nun­da 187 bal bi­len Awst­ra­li­ýa, Tä­ze Ze­lan­di­ýa we Şweý­sa­ri­ýa bar.
Ka­na­da, Çeh Res­pub­li­ka­sy, Gre­si­ýa, Pol­şa we ABŞ 186 bal bi­len ýe­din­ji bo­lup­dyr.
Weng­ri­ýa 185 bal bi­len se­ki­zin­ji ýe­ri ýe­ke özi eýe­län bol­sa, Lit­wa 184 bal bi­len do­ku­zyn­jy bo­lup­dyr. Il­kin­ji on­lu­gy 182 bal bi­len Es­to­ni­ýa, Lat­wi­ýa, Slo­wa­ki­ýa we Slo­we­ni­ýa ýurt­la­ry jem­läp­dir.

Güljan Weliýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.