Tans saz­la­şyk­ly be­den he­re­ket­le­ri bi­len me­de­ni­ýe­ti we ru­hy ah­wa­la­ty jan­lan­dyr­ýan gym­mat­ly sun­gat ese­ri­dir. Tans asyr­lar­bo­ýy dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup gel­ýär. Her bir halk öz däp-des­sur­la­ry­ny, halk dö­re­di­ji­li­gi­ni su­rat­lan­dyr­ýan mil­li hem-de döw­re­bap tans­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Şeý­le tans­la­ryň bi­ri hem ba­let bo­lup, her ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da Bü­tin­dün­ýä balet gü­ni bel­le­nip ge­çil­ýär. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da ba­let tan­sy bar­ada­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Ba­let – teatr tan­sy, aka­de­miki tans usu­ly bo­lup, be­ze­len sah­na­da ba­le­ri­na ta­ra­pyn­dan aý­dym-saz­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tan­syň bu gör­nü­şin­de ses­siz he­ka­ýat duý­gy bi­len tä­sir­li be­ýan edil­ýär. Ba­let tan­sy XV-XVI asyr­lar­da dö­re­di­lip, ital­ýan me­de­ni­ýe­tin­den göz­baş al­ýar. Bu tans il­ki­baş­da köşk güý­men­je­si hök­mün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, gül­kü­li hä­si­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Ita­li­ýa­nyň goň­şu­sy Fran­si­ýa­da hem şol ýyl­lar­da ba­let tan­sy ýör­gün­li bo­lup, tans sti­li­niň nus­ga­lyk gör­nü­şi ha­sap­la­nyp­dyr. Fran­suz­lar­da ba­let, esa­san, döw­let eda­ra­la­ry bo­lan ka­zy­ýet­de oý­na­lyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len tan­syň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­liş usu­ly üýt­ge­di­lip, teatr­da ýu­waş heň­li saz bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip baş­lan­ýar. 1700-nji ýyl­lar­da Pa­riž­de ope­ra tans mek­dep­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi bi­len il­kin­ji ope­ra tans­çy­lary ýü­ze çyk­ýar. Şol ýyl­lar­da ba­let tan­sy üçin ýö­ri­te saz­lar ýa­zyl­ýar. Bu ope­ra ba­let­le­ri­niň üs­tün­li­gi bo­lup, aý­dym, tans we or­kest­riň «jan­ly» sa­zy bir sah­na­da bir­leş­ýär. Il­ki­baş­da iň ök­de tans­çy­lar er­kek­ler bo­lup, 1681-nji ýyl­da il­kin­ji ze­nan ba­let tans­çy­sy de La Fon­ten sah­na­da peý­da bol­ýar. 1720-nji ýyl­lar­da ba­le­tiň çe­per­çi­lik we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­liş tär­le­ri bo­ýun­ça er­kek­ler­dir zenanlaryň ara­syn­da bäs­le­şik­ler gu­ral­ýar. Tans bäs­le­şik­le­rin­de Ma­ri Sa­le we Ma­ri-An­ne Ka­mar­gon iň meş­hur tans­çy­lar hök­mün­de saý­lan­ýar. Bu tans­çy­lar ba­let tan­sy­nyň nus­ga­wy gör­nü­şi­ni dö­ret­mek­de uly orun eýe­läp­dir­ler. Fran­si­ýa­da kä­mil­leş­di­ri­lip, nus­ga­lyk de­re­jä ýe­ti­ri­len tan­syň bu gör­nü­şi soň­lu­gy bi­len Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ýaý­ra­ýar. Rus ba­le­ti, fran­suz ba­le­ti we ital­ýan ba­le­ti ýa­ly tär­le­ri özün­de jem­le­ýän ba­let tan­sy­nyň nus­ga­wy, ro­man­tik, tä­ze nus­ga­wy we hä­zir­ki za­man ba­le­ti ýa­ly gör­nüş­le­ri bar.
Ýum­şak aýak­gap­ly oý­nal­ýan tan­syň bu gör­nü­şi ro­man­tik hä­si­ýet­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ba­let hä­zir­ki wagt­da, esa­san, aýal-gyz­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän aý­law­ly he­re­ket­le­ri bi­len ta­nal­ýan nus­ga­wy tans­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di.