«Collins Dictionary» iňlis dili sözlügi her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem «ýylyň sözüni» saýlady. Şeýlelikde, AI (artificial intelligence – emeli aň) adalgasy 2023-nji ýylyň sözi saýlandy. Bu barada sözlügiň resmi saýtynda berilýän habarda emeli aňyň kompýuter programmalaryny ulanyp, adamyň akyl funksiýalaryny modellemegi aňladýan adalgadygy bellenilýär. Sözlügi döredijiler emeli aňy geljekki tehnologik öwrülişigiň bir pudagy hasaplaýandyklaryny we ol barada 2023-nji ýylda köp gürrüň edilendigini aýtdylar.
Sözlük 2013-nji ýyldan bäri dilçilerden we beýleki hünärmenlerden düzülen emin agzalary bilen ýylyň sözüni saýlaýar.
Döwletgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.