Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Prezident administrasiýasynyň wekillerine 2024-nji ýylyň ýazynda ýurtda geçiriljek saýlawlara taýynlyk görmegi tabşyrdy. BU barada “Rada”-nyň halk deputaty Alekseý Gonçarenko ýurduň “Espreso” teleýaýlymynda mälim etdi.
Ondan öň Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitriý Kuleba Zelenskiniň 2024-nji ýylyň ýazynda ýurtda Prezident saýlawlaryny geçirmek mümkinçiligine garaýnandygyny habar berdi.
-Wladimir Zelenskiý indiki ýyl Prezident saýlawlaryny geçirmek kararyna geldi. Ol Prezidentiň administrasiýasynyň wekillerine 2024-nji ýylyň 31-nji martynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna taýynlyk görmegi tabşyrdy. Bu Konstitusiýa möhleti – mart aýynyň soňky ýekşenbesi” diýip, agentlik Gonçarenkonyň Ukrainanyň “Espreso” teleýaýlymynda aýdan sözlerine salgylanýar.
Zelenskiniň ozal belleýşi ýaly, häzirki ýagdaýda saýlaw geçirmek dürs däldir, ýöne parlament degişli kanunçylyk üýtgetmelerini goldaýan bolsa, şeýle mümkinçilik bar.