Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde täze beýik binanyň gurluşygyna başlandy. Taslamanyň çäginde binanyň içinde uly bag bolar. “Terrarium Cheong-Dam” atly beýik bina “ODA Architecture” atly amerikan binagärlik kompaniýasynyň bu ýurtdaky ilkinji taslamasy. Bina şäher manzaryny, ýaşaýjylaryny we tebigaty bir ýere jemläp, şäher durmuşyny gaýtadan dizaýn etmegi maksat edinýär.
Taslama eýýäm binagärlik ugrundan berilýän dizaýn ýaryşynda ýeňiji bolup, baýraga mynasyp görlüpdir. Bina ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we täjirçilik merkezleriniň arasynda ýerleşip, şäher ýaşaýjylarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler.
Toplumyň çäginde seýilgäh hem ýerleşip, heýkelli baglar, üsti ýapyk galereýalar, ýaşyl zolaklar bolar. Uzynlygy 200 metre barabar boljak bina 45 gatly bolar. Onuň ofisler, ýaşaýyş öýleri, bölek söwda nokatlary we terrarium bolar.
Ogulsabyr Allanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.