Esasan çaga iýmitini öndürmek bilen meşgullanýan “Nestle” kompaniýasynyň Irlandiýanyň Askeaton şäherindäki zawodynyň hem-de onuň garamagynda nou-hou merkeziniň 2025-nji ýylyň başynda ýapyljakdygy mälim edildi. Zawodda öndürilen harytlar Aziýa ýurtlaryna eksport edilýär. Geçen ýyl Hytaýda ilatyň azalandygy mälim edilipdi. Soňky ýyllarda çaga dogluşynyň azalmagynyň netijesinde dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bu ugurda ikinji orna düşüpdi. Bilermenler bu azalşyň mundan soňra-da dowam etjekdigini belleýärler. Merkezi edarasy Şweýsariýada ýerleşýän kompaniýa Irlandiýadaky nou-hou işleriniň Şweýsariýanyň Konolfingen şäherinde dowam etdiriljekdigini mälim etdi. Önümçiligiň bir bölegi Şweýsariýanyň Konolfingen şäherindäki zawodda, galan bölegi Hytaýyň Sužou şäherindäki zawodda dowam etdiriler.
“Nestle” Irlandiýadaky zawody 2012-nji ýylda satyn alypdy. Berlen maglumata görä, bu ýerde häzirki wagtda 542 adam zähmet çekýär. Zawod we nou-hou merkezi ýapylandan soňra işgärleriň köpüsi işden çykarylar. “Nestle”-niň bu baradaky ýaýradan beýanatynda Hytaý we Aziýa ýurtlaryna eksportyň azalmagynyň zawodyň ýapylmagynyň esasy sebäbidigi bellenildi.
Maglumatlara görä, Hytaýda 1949-njy ýyldan bäri ilatyň sanyna görä, iň pes çaga dogluşy hasaba alnypdy. Ýurtda 9,56 million bäbek dünýä indi. Bu görkeziji dünýesini täzelänleriň sanyndan az boldy. Häzirki wagtda ýurtda her zenan başyna 1,09 çaga dogrulýar. Bu görkeziji ýylsaýyn azalýar. Hytaýda çaga dogluşy 2019-njy ýyldan bäri Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan hem az.