Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda Respublikanyň Premýer-ministri wezipesine Mateuş Moraweskiniň dalaşgärligini hödürlemek kararyna geldi. Ol bu kararyny parlamentiň aşaky palatasy Seýmiň garamagyna hödürledi.
Anjeý Duda telewideniýede eden çykyşynda: – Geçirilen maslahatlaryň dowamynda her bir partiýa täze Seýmde öz dalaşgärini we umuman geljekki hökümeti goldamak üçin zerur köplügi ýygnajakdygyna ynam bildirdi – diýip belledi. – Çynlakaý seljerişlerden we geňeşmelerden soň hökümet gurmak wezipesini Premýer-ministr Mateuş Moraweskiý tabşyrmak kararyna geldim – diýip Prezident aýtdy. Mateuş Moraweskiý häzirki hökümet başlygydyr.
-Eger-de häkimiýet başyndaky “Kanun we adalat” partiýasynyň missiýasy başa barmasa, indiki tapgyrda Seým Premýer-ministrlige dalaşgärini saýlar, şonda men Muraweskini derrew şu wezipä bellärin. Bu ugurda ähli Konstitusiýa düzgünleri we möhletleri berjaý ediler – diýip Anjeý Duda belledi.
Bu karar, oppozisiýanyň tarapdarlarynyň bu wezipäniň Donald Tuska ynanylmagyna garaşýandyklaryna garamazdan kabul edildi, sebäbi soňky parlament saýlawlarynyň netijelerinden soň parlamentdäki orunlaryň köpüsini oppozisiýa partiýalary aldy. Parlament saýlawlarynyň netijeleri häkimiýet başyndaky “Kanun we Adalat” partiýasyna özbaşdak hökümeti döretmäge mümkinçilik bermeýär. Eger-de Moraweskiý ýaranlary tapyp bilmese, Ministrler Kabinetini döretmek hukugy “Raýat koalisiýasynyň” lideri Donald Tuska geçýär.
15-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, dolandyryjy “Kanun we Adalat” partiýasy sesleriň köpüsine eýe boldy (35,38%). “Raýat koalisiýasy” birleşigi 30,7%, “Üçünji ýol” birleşigi 14,4%, we “Çep” partiýasy 8,61% sese eýe boldy. Bu üç oppozisiýa güýçleriniň bilelikdäki netijesi, Seýmde köplük gazanmak we hökümet gurmak üçin hukuk gazanmaga mümkinçilik berer.