Düýn “Tesla” kompaniýasynyň Germaniýadaky zawodynda bahasy 25 müň ýewro boljak elektroulag öndürjekdigi barada habar ýaýradyldy. Bu täzelik hytaýly elektroulag brendleriniň paýnamalarynyň bahasynyň arzanlamagyna getirdi. Ýewropa hytaý elektroulag kompaniýalarynyň iň uly daşarky bazary hasaplanýar. Hepdäniň ikinji güni “Nio Inc.” kompaniýasynyň paýnamasynyň gymmaty Gonkong biržasynda 5 göterimden gowrak pese gaçdy. “XPeng Inc.”-iň gymmaty az wagtlyk 3 göterim peseldi. Hytaýyň iň uly awtoulag öndürijisi bolan “BYD Co.” kompaniýasynyň paýnamalarynda hem düşüş hasaba alyndy.
Hytaýyň elektroulag öndürijileriniň satuwy soňky wagtlarda görnetin artypdy.
Esasy Dünýä täzelikleri “Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy