«Bal­kan» gä­mi­gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy De­ňiz en­jam­la­ry bo­ýun­ça ko­reý as­so­sia­si­ýa­sy (KO­MEO) bi­len 6,1 müň ton­na umu­my ýük­le­ri da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen gä­mi­le­riň tas­la­ma­la­ry­ny düz­mek we bi­le­lik­de gur­mak hem-de de­giş­li en­jam­la­ry ge­tir­mek bo­ýun­ça şert­na­ma bag­laş­dy. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi res­mi saý­tyn­da ha­bar ber­di.
Gä­mi­gur­lu­şyk ba­bat­da gü­nor­ta ko­reý teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ge­ti­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lar.
KO­MEO kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg­da­ky şa­ham­ça­sy­nyň mä­lim et­me­gi­ne gö­rä, tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len kom­pa­ni­ýa de­giş­li ki­çi we or­ta kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­la­ra eks­por­ty­ny art­dyr­mak bi­len Ha­zar se­bi­tin­de gä­mi­gur­lu­şyk ba­bat­da tä­ze ba­za­ry dö­red­ýär.
Ha­bar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, tä­ze gu­rul­jak «MPC 6,1K» kla­sy­na de­giş­li köp mak­sat­ly gä­mi ýük­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni Ha­zar se­bi­tin­de da­şa­mak üçin amat­ly­dyr. Gä­mi­niň uzyn­ly­gy 128 metr, ini 16,5 metr bo­lar.