Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na (YHG) ag­za ýurt­lar Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ara­syn­da Hal­ka­ra mul­ti­mo­dal ulag ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar.
Go­laý­da ge­çi­ri­len YHG-nyň ulag mi­nistr­le­ri­niň 12-nji mej­li­si­niň çä­gin­de Öz­be­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Eý­ra­nyň we Tür­ki­ýä­niň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyn­da «Öz­be­gis­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran – Tür­ki­ýe» ug­ry bo­ýun­ça Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ara­syn­da­ky Hal­ka­ra mul­ti­mo­dal ge­çel­ge­si­niň Tes­wir­na­ma­sy­na gol çe­kil­di
Gol çe­ki­len Tes­wir­na­ma la­ýyk­lyk­da, Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ryn­dan Öz­be­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Eý­ra­nyň we Tür­ki­ýä­niň üs­ti bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry­na ýük da­şa­ma­gy gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Bu şeý­le hem bäs­deş­lik nyrh­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­ny we Öz­be­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Eý­ra­nyň we Tür­ki­ýä­niň de­mir ýol­la­ry bi­len ha­ryt da­şa­mak üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni, ýük­le­ri da­şa­mak­da we marş­ru­ta gat­naş­ýan ýurt­la­ryň ulag ara­gat­na­şy­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk we teh­ni­ki ül­ňü­le­ri bir­leş­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri bi­le­lik­de iş­läp düz­mek­li­gi göz öňün­de tut­ýar.
Bu ge­çel­gä­niň eme­le gel­me­gi we işe gi­ri­zil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň glo­bal ulag we lo­gis­ti­ka tor­la­ry­na go­şu­lyş­ma­gy­ny çuň­laş­dyr­ma­ga we ýur­duň üs­ta­şyr ge­çiş müm­kin­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek eder.
YHG-nyň ýurt­la­ry­nyň ulag mi­nistr­le­ri­niň no­bat­da­ky, 13-nji mej­li­si 2024-nji ýyl­da Täh­ran­da ge­çi­ri­ler.