Angliýanyň “Premier Ligasynda” 11-nji tapgyr London derbisi bilen jemlendi. Çekeleşikli hem-de dartgynly geçen oýunda “Tottenham” öz meýdançasynda “Çelsi” bilen duşuşdy. Duşuşygyň 6-njy minutynda “Tottenham” Kulusewskiniň goly bilen 1-0 öňe geçdi. Ýöne şondan soň dermigazyk londonlylar üçin şowsuzlyklaryň yzy üzülmän geldi. Oýnuň 35-nji minutynda Kaisedonyň batly uran urgusy ofsaýd sebäpli hasaba alynmady. Emma VAR-yň seljeren şol pursatyndan “Tottenhamyň” argentinaly goragçysy Kristian Romera gyzyl kart çykdy hem-de “Çelsiniň” peýdasyna penalti urgusy bellendi. Ony-da Koul Palmer dürs urup, hasaby deňledi. Bu goldan öňem Sterlingiň golunyň el bilen oýnalany üçin hasaba alynmandygyny hem belläliň.

Duşuşygyň 1-nji ýarymy 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 2-nji ýarymyň başlarynda, has takygy, “Tottenham” toparynyň ýene bir oýunçysy, has takygy, goragçy Destini Udoji 2-nji sarysyny alp, meýdançadan çykaryldy. 9 oýunçy bolup galan garşydaşyna garanyňda has dogumlanan Çelsi toparynyň ýaş hüjümçisi Nikolas Jekson 75-nji minutda klubuny öňe geçirýär. Ol 90+4-nji hem-de 90+8-nji minutlarda ýene 2 gol geçirip, duşuşygy het-trik bilen tamamlady. Şunlukda, Maurisio Poçettino ozalky kluby “Tottenhamyň” ýeňilmezlik seriýasyna soňky nokady goýup, London derbisinde ynamly ýeňiş gazandy. 4-1 hasabynda utulan “Tottenham” hem liderligini hem-de ýeňilmezekligini giderdi.