31-nji oktýabrda Şuşa şäherinde, Azerbaýjan Respublikasy, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza ýurtlarynyň Döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 9-njy duşuşygy geçirildi. Bu çäre Şuşa şäheriniň şu ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine, TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna, azerbaýjan halkynyň milli Lideri Heýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna we Azerbaýjanyň Milli teatrynyň döredilmeginiň 150 ýyllygyna bagyşlandy.
Duşuşyga gatnaşyjylar teatr sungatynyň ösüşi bilen baglanşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, ýurtlaryň arasynda teatr ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ilerledilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet teatr ýolbaşçylarynyň geňeşiniň indiki 10-njy duşuşygyny 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ-yň medeni paýtagty hökmünde yglan edilen Änew şäherinde geçirmek kararyna gelindi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.
1-nji noýabrda Azerbaýjan döwlet akademik milli drama teatrynda I Halkara TÜRKSOÝ teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary S.Raýew çykyş edip, festiwalyň türki döwletlerini we olaryň sungat işgärlerini birleşdirendigini, teatr sungatynyň ähmiýetini we ony geljekde has hem ösdürmegiň zerurdygyny belledi.
I Halkara TÜRKSOÝ teatr festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri “Söýgi we hasrat” atly drama sahnasy bilen çykyş etdi.