UEFA Çempionlar Ligasynda “G” toparçanyň ýagdaýy çaklanylyşy ýaly bolup, kubogyň häzirki eýesi “Mançester Siti” toparyna 1/8 finala çykmak hiç hili kyn düşmedi. 4-nji duşuşyklaryň çäginde öz meýdançasynda “Ýang Boýzy” Erling Holannyň (23 p, 51) hem-de Fodeniň (45+1) gollary bilen 3-0 ýeňen “Mançester Siti” utugyny 12-ä çykardy. Duşuşykda “Ýang Boýzdan” Sandro Lauper 53-nji minutda gyzyl kart aldy. Bu ýeňişden soň 13-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda yzly-yzyna 11-nji gezek 1/8 finala çykan “Mançester Sitiniň” bu ýaryşda geçiren gollarynyň sany-da 250-ä ýetdi. Ol 119 oýunda 250 gol geçirip, bu görkezijä iň çalt ýeten klub hökmünde taryha girdi. “Mançester Siti” ýaryşda 17 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Şeýle-de, Erling Holann 34-nji duşuşygynda 37-38-nji gollaryny geçirdi.

Toparçadaky beýleki oýunda-da “Leipsig” myhmançylykda “Srwena Zwezda” toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy. Nemes klubuna ýeňiş getiren gollary 8-nji minutda Hawi Simons bilen 77-nji minutda Loi Openda geçirdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny-da 81-nji minutda Henriks ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizdi. Şunlukda, utugyny 9-a ýetiren “Leipsig” topary 6-njy gezek gatnaşýan ýaryşynda 4-nji sapar 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy.