Halkara awiasiýa gatnawy bileleşigi (IATA) tarapyndan ýaýradylan maglumatda sentýabr aýynda global derejede uçar bilen iberilýän ýükleriň artandygy mälim edildi. Bu hyzmata talap, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,9 göterim ýokary bolupdyr. Şeýle hem howa gämileri arkaly ýük gatnawynyň mümkinçiligi 12,1 göterim artypdyr. Şeýlelikde, bu ugurda yzly-yzyna üç aýlyk ösüş hasaba alnypdyr. Bu ösüşde Aziýa-Ýuwaş ummany, Latyn Amerikasy we Ýakyn Gündogardaky awiakompaniýalaryň halkara ýük gatnaw mümkinçiliklerini artdyrmagynyň täsiri uly bolupdyr.
Bilermenler pandemiýanyň yzda galmagy bilen howa gämileri arkaly ýük we ýolagçy gatnawynyň artyp başlandygyny belleýärler. Golaýda Ýaponiýanyň “All Nippon Airways” (ANA) awiakompaniýasy hem girdejisiniň artandygyny mälim edipdi. Şeýle hem ýapon kompaniýasy käbir halkara gatnawlarynyň sanynyň artdyrylandygyny habar beripdi.
Wepa Meredow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.