Dün­ýä­niň 31 ýur­dy Aýyň ýü­zün­de he­mi­şe­lik yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin be­ket gu­rar. Mu­nuň üçin iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän “Ar­te­mis” at­ly tas­la­ma Ni­der­land­lar hem go­şul­dy. Ýur­duň Kos­mos agent­li­gi­niň (NSO) ýol­baş­çy­sy Harm fan de We­te­ring bu ba­ra­da­ky yla­la­şy­ga gol çek­di. Yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de ýurt­lar kos­mos ji­sim­le­ri­ni ýaz­ga al­mak, mag­lu­mat­la­ry paý­laş­mak we bi­rek-bi­re­ge ýar­dam ber­mek ýa­ly ugur­lar­da iş alyp ba­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de Ýe­riň te­bi­gy hem­ra­syn­da he­mi­şe­lik be­ke­diň gu­rul­ma­gy, bu be­ke­diň Mar­sa ama­la aşy­ryl­jak uçuş­lar­da “du­ral­ga” hök­mün­de hyz­mat et­jek­di­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ýer­dä­ki he­mi­şe­lik be­ket üçin as­man ji­si­mi­niň ýü­zün­dä­ki mag­dan­la­ryň çy­ka­ry­lyp, peý­da­la­nyl­ma­gy hem mak­sat edi­nil­ýär. Bu yla­la­şyk il­kin­ji ge­zek 2020-nji ýy­lyň 5-nji ma­ýyn­da güý­je gi­ri­zi­lip­di. Bu tas­la­ma Fran­si­ýa, Awst­ra­li­ýa, Bah­reýn, Bra­zi­li­ýa, Ka­na­da, Ko­lum­bi­ýa, Ita­li­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Mek­si­ka ýa­ly ýurt­lar gat­naş­ýar.

Ys­lam­beg Ro­zy­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.