2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäklerden üstaşyr geçýän ýük awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan ýygymlar we tölegler bellenildi, ýagny Türkmenistana gelen ýagdaýynda 150 ABŞ dollary we onuň çäklerinden üstaşyr geçen ýagdaýynda 100 ABŞ dollary möçberde ýygymlar we tölegler kesgitlenildi.
Şu Karar 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryndan herekete girýär. Bu barada https://awtoulag.gov.tm habar berýär.