Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de In­tel­lek­tu­al teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ug­ry bo­ýun­ça bi­lim alan uçu­rym­la­ryň sa­ny 2026-njy ýyl­da 3 es­se, ýag­ny şu ýyl­ky 797 sa­ny uçu­rym­dan 2163 sa­ny uçu­ry­ma çen­li ar­tar. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň pro­rek­to­ry Ka­ka­gel­di Hüm­mä­ýew Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na sal­gy­la­nyp ha­bar ber­ýär.
Bel­le­ni­şi ýa­ly, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ug­run­da bi­lim alan uçu­rym­la­ryň sa­ny şu ýyl 698 sa­ny bo­lan bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 2026-njy ýyl­da 1771-e ýe­ter. Ki­ber­howp­suz­lyk ug­run­da bi­lim alan­la­ryň sa­ny hem şu ýyl­ky 99 san muk­da­ryn­dan 372-ä ýe­tip, ol hem 3 es­se ar­tar.
Bu ugur­lar­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan esa­sy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti, Ý.Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti, Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti bo­lup dur­ýar.
Bu ugur­lar­da ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy ylym we oý­lap ta­pyş ugur­ly pu­da­gyň ös­me­gi­ne özü­niň go­şan­dy­ny go­şar.