Go­şa toý­nak­ly jan­dar­lar bo­lan ge­çi­le­riň Ýer ýü­zün­de öý­de­çi we ýa­ba­ny te­bi­gat­da ýa­şa­ýan 300 tö­we­re­gi gör­nü­şi duş gel­ýär. Adat­ça, bu jan­dar­lar ot­luk meý­dan­da, dag etek­le­rin­de, ba­ýyr­lar­da we düz­lük­ler­de ot­la­ýar­lar. Go­ýun­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da ge­çi­ler be­len­de çy­kyp, öň aýa­gy­na ga­lyp, aga­jyň ýap­rak­la­ry­ny iýip bil­ýär­ler. Ýö­ne ge­çi­niň bu ugur­da has ök­de – aga­jyň çür de­pe­si­ne ýa-da da­gyň kert ga­ýa­sy­na çy­kyp iý­mit­len­ýän gör­nüş­le­ri hem bar. Ge­liň, ge­çi­niň tä­sin gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! 

Bag ge­çi­si. Af­ri­ka­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar se­bi­tin­de, Ma­rra­keş­den ke­nar­ýa­ka Es­saui­ra şä­he­ri­ne bar­ýan to­zan­ly ýol­da ar­gan agaç­la­ry­ny eýe­läp otu­ran ge­çi­le­ri gör­mek bol­ýar. «Ak­ro­bat ge­çi­le­riň» bu to­ma­şa­sy gö­ren­le­ri geň gal­dyr­ýar. Ge­çi­niň ada­ty gör­nü­şi bo­lan ma­rok­ko ge­çi­si­niň çö­pü­ri, esa­san, ak reňk­de bol­ýar. Bu ge­çi­ler dyr­maş­mak üçin ti­ken­li ar­gan aga­jy­ny saý­lap alyp­dyr­lar. Ar­ga­nyň içi ma­ňyz­ly mi­we­si ge­çi­ler üçin el­ýet­mez iý­mit ha­sap­lan­ýar. Ge­çi­ler 10 met­re çen­li ýo­ka­ry dyr­ma­şyp, 3-4 sa­gat­lap aga­jyň mi­we­si­ni çöp­le­ýär­ler. Hat­da ge­çi­ler ma­ňyz­ly mi­wä­ni iý­mek üçin agaç­dan aga­ja-da bök­ýär­ler. Aga­jyň çür de­pe­sin­dä­ki in­çe­jik şa­ha­lar­da de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­lap, bir­nä­çe sa­gat­lap dur­ýar­lar. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň ge­çi­le­riň bu en­di­gi­ni eme­li ýag­daý­da öw­re­di­len di­ýip ha­sap­la­ýan­dyk­la­ry­na ga­ra­maz­dan, bu ha­dy­sa ma­rok­ko ge­çi­le­ri­niň do­ga­bit­di en­di­gi­dir. Ýew­ro­pa­ly sy­ýa­hat­çy­lar bu jan­dar­la­ra «uç­ýan ge­çi­ler» di­ýip at be­rip­dir­ler. Af­ri­ka­nyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de beý­le ýag­da­ýa duş ge­lin­me­ýär. Ço­pan­lar se­bit­de gu­rak­çy­lyk bo­lup, ekin bit­me­ýän­di­gi se­bäp­li, ge­çi­le­riň iý­mit göz­läp aga­ja çy­kan­dyk­la­ry­ny aýd­ýar­lar. Aga­ja dyr­maş­ýan ge­çi­le­ri syn­la­ýan sy­ýa­hat­çy­lar kä­te how­sa­la­ düş­ýär­ler. Se­bä­bi ge­çi­le­riň ýo­kar­da­ky he­re­ket­le­ri kä­wagt şow­suz bo­lup, büd­räp ýa-da ýy­ky­lyp bil­ýärler. Jan­ly-jan­dar­lar bi­len gy­zyk­lan­ýan hü­när­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, Ma­rok­ko­da ýa­şa­ýan ge­çi­ler gu­rak­lyk hem-de ot ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li aga­ja dyr­maş­ma­gy öw­re­nip­dir­ler. Aga­ja dyr­maş­mak bu jan­dar­la­ryň te­bi­gy hä­si­ýe­ti bo­lup, ar­gan aga­jy­nyň kö­pel­me­gin­de uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Se­bä­bi ge­çi­ler bu aga­jyň mi­we­si­ni iýip, şä­ni­gi­ni dür­li ýe­re dar­gad­ýar­lar. Bu bol­sa to­ka­ýyň gi­ňe­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Di­ňe gü­nor­ta-gün­ba­tar Ma­rok­ko­da ös­ýän, gy­rym­sy aga­jyň bir gör­nü­şi bo­lan ar­ga­nyň ti­ken­li bal­da­gy, ow­nu­jak ýap­ra­gy we içi ma­ňyz­ly mi­we­si bol­ýar. Ajy ta­gam­ly zeý­tu­na meňzeş bu mi­we­den sy­kylyp, ýag alyn­ýar. Ar­gan ýagy ma­rok­ko­ly­lar üçin el­ýet­mez iý­mit­le­riň bi­ri­dir.
Dag ge­çi­si. Ita­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da «al­pi­nist ge­çi­ler» ýa­şa­ýar. Ant­ro­na jül­ge­sin­dä­ki se­ýil­gäh­de ýa­şa­ýan dag te­ke­si (Alp ibex) dik ga­ýa­la­ra we jül­ge­dä­ki Çin­gi­no ben­di­ne dyr­ma­şyp, duz ýa­la­ýar. Ge­çi­niň bu gör­nü­şi bir­nä­çe se­kunt­lap gö­ni di­war­da sak­la­nyp bil­ýär. Ýa­gyş­dyr ga­ryň ýag­ma­gy bi­len ga­ýa­da top­la­nan duz gat­la­gy dag ge­çi­le­ri üçin ýo­kum­ly ha­sap­lan­ýar. Ita­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da «al­pi­nist ge­çi­le­riň» bardygy ba­ra­da il­kin­ji ge­zek aý­dy­lan­da muňa ynanmaýarlar. Soň­ra 160 metr be­ýik­li­ge dyr­ma­şyp ýö­ren dag te­ke­le­ri­niň su­ra­ta dü­şü­ril­me­gi bi­len köp­çü­li­ge mä­lim edil­ýär. Öri meý­dan­lar­da ot­lap ýö­ren ge­çi­ler mi­ne­ral duz ýet­mez­çi­li­gin­den ejir çek­ýärler. Dag te­ke­le­ri duz ýet­mez­çi­li­gi­niň öwe­zi­ni dol­mak üçin ga­ýa­la­ra dyr­maş­ýar­lar. Bi­ler­men­ler ge­çi­niň bu gör­nü­şi­niň şeý­le howp­ly ýag­daý­lar­dan nä­dip baş alyp çyk­ýan­dy­gy­ny öw­ren­di­ler. «Alp ibex»-iň toý­na­gy beý­le­ki go­şa toý­nak­ly­la­ryň da­ba­nyn­dan giň bo­lup, dik ga­ýa­la­ra mä­käm ýa­pyş­ma­ga kö­mek ed­ýär. Toý­nak­lar agyr­lyk güý­ji bi­len ba­syş edi­len­de «sak­laý­jy» bo­lup hyz­mat ed­ýän ýum­şak re­zi­ne öw­rül­ýär. «Alp ibex» Alp dag­la­ryn­da ýa­şa­ýan ýa­ba­ny ge­çi­niň bir gör­nü­şi bo­lup, yza eg­rel­ýän şa­hy hem-de goň­rum­tyl-çal reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ge­çi­ler Alp dag­la­ry­nyň dik ga­ýa­la­ryn­da ot­lap, 5 müň metr be­lent­lik­de ýa­şap bil­ýärler.