Hy­ta­ýyň «Ti­an­gong» kos­mos be­ke­di­niň hü­när­men­le­ri kos­mos­da ösüm­lik­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. «Shenz­hou 16» kos­mos gä­mi­si bi­len şu ýy­lyň 30-njy ma­ýyn­da uçu­ry­lan üç kos­mo­nawt 31-nji okt­ýabr­da yzy­na do­la­nyp gel­di. 27-nji okt­ýabr­da ola­ryň ýe­ri­ne ba­ran «Shenz­hou 17» gä­mi­si­niň eki­pa­žy be­ket­de ýe­tiş­di­ri­len mi­we we gök önüm­le­ri bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Kos­mo­nawt­lar iýun aýyn­da iş­däa­çar ýap­ra­gy­ny ekip, dört ge­zek ha­syl alyp­dyr­lar. Aw­gust­da çe­reşn­ýa, gök so­gan we po­mi­dor ekip­dir­ler. Hy­ta­ýyň kos­mo­nawt bar­lag we okuw mer­ke­zin­de bol­sa, de­ňeş­dir­mek üçin edil kos­mos be­ke­din­dä­ki ýa­ly şert­ler­de şol ekin­ler eki­lip­dir. Ekin ýö­ri­te taý­ýar­la­nan en­ja­myň için­de ekil­ýär. Bu en­ja­myň için­dä­ki ösüm­lik­ler ho­wa­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­di­rip, kis­lo­rod ön­dü­rip bil­ýär. Bu tas­la­ma uzak möh­let­li kos­mos mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de peý­da­ly bo­lar di­ýen ni­ýet bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Hy­ta­ýyň kos­mo­nawt bar­lag we okuw mer­ke­zi­niň hü­när­me­ni Ýan Ren­ze gel­jek­de çalt we has köp ha­syl ber­ýän gök önüm ýe­tiş­dir­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar.

Sü­leý­man ME­RET­GEL­DI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.