Her ýylyň 11-nji noýabrynda Bütindünýä origami güni bellenilip geçilýär. Kagyzdan eplenip ýasalýan dürli şekillere «origami» diýilýär. Ünslüligi, sabyrlylygy we usullylygy talap edýän sungatyň bu görnüşi XVII asyrda Ýaponiýada döreýär. Ýapon dilinde «kagyz» diýmegi aňladýan origami beýleki dillere adalga sözi hökmünde geçýär. Az çykdajyly, zehiniňi we başarnyklaryňy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän kagyz eplemek sungaty oýlanyp tapylan iň gyzykly güýmenjeleriň biridir.
Çagalaryň kiçilikden el hereketlerini ösdürmegi üçin peýdaly bolan origami bir bölek kagyzy diňe eplemek arkaly ýasalýar. Ýöne käbir çylşyrymly origamide kagyzy kesmek we bölekleri ýelmemek arkaly hem dürli görnüşli gülleriň, haýwanjyklaryň şekilini ýasap bolýar. Origami ünsüňi bir ýere jemlemegi, kagyzyň epleniş yzygiderliligini ýatda saklamagy talap edýär. Kagyz ýalňyş eplenen halatynda geometrik şekilleriň (dörtburç, üçburç, tegelek, gönüburç, konus) sazlaşygy bozulyp, nätakyk görnüş emele gelýär.
Origami ilkibaşda toý dabaralarynda we milli baýramlarda ýakynlaryňa paýlamak, öýleri bezemek maksady bilen ýasalypdyr. Ýüzüne goşgy setirleri, gutlag sözleri ýazylan şekiller – kebelejikler XVII-XVIII asyrlaryň toý nyşanlary hasaplanypdyr. Ýaponiýadan Hytaýa, Ýewropa ýurtlaryna ýaýran kagyz eplemek sungaty soňlugy bilen körpejelere niýetlenen güýmenjeleriň birine öwrülýär. Häzirki wagta çenli ýasalan origamileriň iň meşhur nusgasyna «orizuru» (ganat kakýan gyzyl durna) diýilýär. Gyzyl durna ýapon medeniýetinde hoşniýetliligiň we parahatçylygyň nyşany hasaplanýar.