Günebakarlaryň hemmesiniň birwagtda Güne “seretmekleri” örän täsin tebigy hadysadyr. Eýsem, olar gül açanlaryndan soňra hemişe Güne bakýarlarmy?! Bu ýagdaýy bilmek üçin häzire çenli birnäçe ylmy barlag işleri geçirildi. Azyklyk ýag almakda giňden peýdalanylýan bu ösümligiň diňe şöhläniň güýçli düşýän tarapyna seredýändigi kesgitlendi. Eger ýagtylyk ähli tarapdan deň düşeninde onuň dikligine ösýändigi anyklandy. Ýagny olar gün düşýän açyk meýdanda ekilende, Güne tarap, hemişe kölegeli ýerde ösen ýagdaýynda dikligine ösýärler. Olaryň şöhlä seretmekleriniň esasy sebäbi “auxin” atly gormon hasaplanýar. Bu gormon ösümligiň nähili ösjekdigini, ululygyny we “ýüzüni” haýsy tarapa öwürjekdigini kesgitleýär. Bu gormon ösümligiň ýokarsynda bolýar we aşaklygyna gideninde şöhle düşmeýän ýerine ýygnanýar. Şol sebäpli günebakaryň şöhle düşmeýän ýerleri has çalt ulalýar we ol şöhlä bakan ýönelýär. Günebakaryň gülleriniň ösüşi tamamlanandan soňra agyrlaşandygy sebäpli adatça gündogara tarap öwrülýär. Olaryň hemişe Güne bakmaklary balarylary hem özüne çekýär. Bu bolsa, olaryň has köp tozgalanyp, ýokary hasyl getirmegine ýardam edýär.
Birýyllyk ösümligiň tohumy ir-iýmiş hökmünde iýilýän bolsa, senagatda azyklyk ýag almakda peýdalanylýar. Ösümlik ýagyny almakda soýadan we ýer pissesinden soňra dünýäde üçünji ýerde durýar. Uzynlygy ýarym metrden 3 metre çenli bolýan bu ösümligiň bezeg maksatly görnüşleri hem bar. Onuň bir gülüniň diametri 40 sm-e, ondaky çigitleriň sany 1500-e çenli bolup bilýär. Yssy howany halaýan ösümlik 80-140 günde ýetişýär. Şöhläniň we yssynyň ýokary bolmagy günebakar çigidindäki ýag mukdaryny köpeldýär.