Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýurdumyzyň Bitaraplyk gününe we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp iňlis dilinde ýazylan makala bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşik şu ýylyň 5–26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, döwletimiziň içeri we daşary syýasaty, şeýle hem beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada makala taýýarlamalydyrlar.
Işlere aşakdaky ülňüler boýunça baha berler: mowzuga laýyklyk, iňlis diliniň grammatikasynyň düzgünleriniň berjaý edilişi, göçürimiň ýoklugy. Işleriň göwrümi 300-500 söz aralygynda bolmaly.
Gatnaşjaklar şu salgy arkaly hasaba alnyp bilerler. Taýýar makalalar 25-nji noýabra çenli iuhd.socialcontest@gmail.com elektron poçta arkaly kabul edilýär.
Bäsleşik ýaşlaryň döwletimiziň oňyn içeri we daşary syýasatyny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmäge hem giňden ýaýratmaga gyzyklanma döretmäge we höweslendirmäge gönükdirilendir.
Mundan başga-da, bu bäsleşik Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň öwredilişini kämilleşdirmek we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek ýörelgesi, şeýle hem sanly žurnalistikany ösdürmegiň çäginde geçirilýär.
Esasy Bildirişler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplary döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar