Angliýanyň «Premier Ligasynda» tapgyryň merkezi duşuşygynda 8 gol geçirilse-de, ýeňiş gazanan bolmady. Öz meýdançasynda soňky çempion «Mançester Sitini» kabul eden «Çelsi» güýçli garşydaşy bilen 4-4 deňme-deň oýnady. Toparlaryň ikisi-de her ýarymda 2 gol geçirdi. Oýnuň 25-nji minutynda Erling Holann penaltini dürs urup hasaby açdy. Ýöne londonlylaryň jogaby gijikmedi. 29-njy minutda Tiago Silwa hasaby deňledi. 37-nji minutda Sterling öňki klubuny gynandyryp, «Çelsini» öňe saýlady. Emma şäherliler 1-nji ýarym tamamlanmanka hasaby deňlemegi başardylar. Akanžiniň kelle urgusy bilen geçiren golundan soň, toparlar arakesmä deňlikde çykdylar. «Mançester Siti» 2-nji ýaryma-da gol bilen başlady. Holann 47-nji minutda «Sitini» 2-nji sapar öňe saýlady. «Çelsi» bu gola 20 minutdan soň jogap berdi. 67-nji minutda Jekson hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi. Oýnuň 86-njy minutynda uzakdan urgulary bilen tapawutlanýan Rodriniň batly urgusy Tiago Silwanyň aýagyna degip, derwezeçini az-owlak ýalňyşdyrdy. Rodriniň adyna ýazylan bu goldan soň «Mançester Siti» ýeňşe golaý geldi. Ýöne ruhdan düşmedik «Çelsi» 90+5-nji minutda VAR-yň kömegi bilen penalty urgusyny gazandy. Ony-da şu tomusda «Mançester Sitiden» transfer edilen ýaş hüjümçi Koul Palmer dürs urup, öňki toparyna 1 utuk bilen meýdançany terk etmäge razy etdi. Şunlukda, duşuşyk 4-4 hasabynda deňlikde tamamlandy.